Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany BAE-däki hyzmatdaşlary ýurtda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady, maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrylýandygy bellenildi. Şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy hem kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.