Aşgabatda ulag-üstaşyr geçirmek, logistika boýunça türkmen-gazak duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ulag-üstaşyr geçirmek, logistika boýunça türkmen-gazak duşuşygy geçiriler
Ýük ulaglary Türkmenbaşy halkara deňiz portunda, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

26-njy noýabrda Aşgabatda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda mälim etdi. 

Duşuşygyň dowamynda ulag we üstaşyr geçirmek boýunça meseleleri, hususan-da, iki ýurduň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly  ulag düzümleriniň kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ylalaşmak we durmuşa geçirmek, logistik merkezleri ösdürmek, daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň ornuna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna öňde boljak iş duşuşygyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda gazagystanly işewürler Türkmenistana işewürlik saparyny amala aşyrarlar. Olar Lebap, Mary, Balkan welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu sebitlerdäki agzalary bilen duşuşyklary geçirerler.

2022