Germaniýanyň Berlin şäherinde ýerleşýän “Humboldt Carre Berlin” kongresler merkezinde duşenbe güni türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmen tarapyndan bu foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri we ýurduň telekeçileri gatnaşdylar. Şeýle-de GFR-e German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, “Deutsche Bank AG”, “Commerzbank AG”, “Bank GPB International SA” banklarynyň, “AKA-Ausfuhrkreditgesellschaft GmbH”, “Akcenta de GmbH”, “Allianz SE”, “CLAAS Global Sales GmbH”, WILO SE, BMW, “Daimler Truck AG”, “Siemens Healthcare GmbH”, “Bayer AG”, “ATLAS International GmbH” kompaniýalarynyň we başga-da dürli ugurlarda iş alyp barýan onlarça kompaniýalaryň agzalary wekilçilik etdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen-german işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm waka öwrüldi.
Işewür forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleriniň, Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň, dünýä belli nemes kompaniýalarynyň, iri bank we maliýe guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy maliýe we bank guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly tehnologiýalary, elektron bank işini we bu ugurda beýleki ileri tutulýan ugurlary ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boldy.