Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini hödürleýän “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly halkara maýa goýum we ösüş forumy çarşenbe güni Londonda öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Foruma döwlet dolandyryşy we işewürlik ulgamynda iş alyp barýan 350-den gowrak wekiliýet gatnaşýar. Şeýle hem maýa goýum forumyna dürli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň onlarça hususy kompaniýasy we aýry-aýry kärhanalary gatnaşýarlar. Olaryň arasynda “Gujurly inžener” HJ, “Döwlet Gurluşyk” we “Mizemez gadam” ýaly gurluşyk kompaniýalary, “Bir Kuwwat” ulag we logistika kompaniýasy, “Balam” , “Owadan ülke” HJ ýaly azyk önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalar, guşçulyk bilen meşgullanýan hojalyk jemgyýeti bolan “Nurly meýdan”, şeýle-de “Ýigit” HJ, “Oguzabat” HJ we “Halkmarket” bardyr.
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) habar bermegine görä, “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly halkara maýa goýum we ösüş forumy halkara platformada ykdysadyýetiniň alty sany pudagynyň täjirçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şol ýerde öňdebaryjy kompaniýalar Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň geljekdäki ösüş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň barşynda infrastruktura we gurluşyk pudagyndaky häzirki taslamalara üns çekildi we halkara işewür toparlary bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenildi.
Şeýle-de bu çäräniň dowamynda daşary ýurtly maýadarlar türkmen telekeçileriniň gazananlary, türkmen işewürligi bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy hem-de ulag we logistika pudagyndaky Türkmenistanyň ösüşi bilen tanyşdylar. Mundan baga-da, foruma gatnaşyjylara “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (TULM) alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň maýa goýumyna we ösüşine bagyşlanylan bu halkara forum 22-23-nji noýabr aralygynda geçirilip, onuň esasy maksady bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekden we täze hyzmatdaşlygy döretmekden ybarat bolup durýar.