Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtap, iki ýurdy we onuň halklaryny birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de söhbetdeşler medeni, ylym, bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.