ÝTÖB we ÝB “Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiligine goldaw berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB we ÝB “Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiligine goldaw berdi
Ýyladyşhananyň işgäri ýertudana hasylyny ýygnaýar, Türkmenistan.

“Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçisi Batyr Rawşanow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) goldawuny we grantyny aldy. Bu barada ÝTÖB-iň metbugat beýanatynda sişenbe güni habar berilýär.

Telekeçi Batyr Rawşanowa degişli bolan “Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiliginiň 2020-nji ýylda ÝTÖB-den karyz pul serişdesini we ÝB-den bolsa grant almagy onuň önümçilik meýdanyny 1,5 gektar artdyrmaga, şeýle hem degişli maslahatlary we bilimleri almaga mümkinçilik berdi.

Bu maksatnamanyň çäginde halkara geňeşçiler ýyladyşhananyň suwaryş ulgamlaryny gowulandyrmak we suwdan durnukly peýdalanmak tejribesini öňe sürmek maksady bilen “Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçisi Batyr Rawşanow bilen hyzmatdaşlyk etdi. Şeýle hem olar döküniň düzümindäki degişli üýtgeşmeleri teklip etmek üçin suwuň elýeterliligini, howa şertlerini we ýagtylyk şertlerini düýpli seljerdiler.

Türkmen telekeçisi Batyr Rawşanow bu üýtgeşmeleriň netijesinde ýertudana önümçiligini takmynan iki esse ýagny, ýylda 56 tonnadan 100 tonna çenli artdyryp we pestisidleriň ulanylyşyny 95 göterim azaldyp, zyýankeşlere garşy has täsirli usullary ulanyp bilendiklerini aýtdy. Mundan başga-da, Batyr Rawşanow ýertudanany açyk meýdanda ösdürip ýetişdirmek bilen deňeşdirilende ýyladyşhanada 1 kilogram ýertudana ösdürip ýetişdirmek üçin 20 esse az suw ulanýandyklaryny belledi.

“Tudana” haryt nyşanly ýertudana önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçisi Batyr Rawşanow ýurduň 300-den gowrak söwda nokatlaryna ýertudana önümini iberýär. Şeýle-de “Tudana” haryt nyşany bilen öndürilýän ýertudanalar Gazagystan we Özbegistan ýaly goňşy döwletlere eksport edilýär.

2022