Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Moskwada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji türkmen-rus işewürlik forumynyň guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow we Alekseý Owerçuk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisi hem 2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna garadylar.
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşenbe güni Moskwada geçirilen mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem gepleşikleri geçirdi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, şol sanda öňde boljak çäreleriň meýilnamasyny, şeýle-de halkara giňişligindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalary we tagallalary tassyklanyldy.