Daşoguz dokma fabriginiň “Ring” pagta ýüplügi daşary ýurtlara eksport edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz dokma fabriginiň “Ring” pagta ýüplügi daşary ýurtlara eksport edilýär
Nah ýüplük önümçiliginden bir pursat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabriginde öndürilýän “Ring” belgili pagta ýüplügine dokma önümçiliginde uly isleg bildirilip, häzirki wagtda bu ýüplük haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Italiýa, Hindistana, Türkiýä we başga-da ençeme ýurtlara eksport edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguzyň pagta egriji fabrigi ýylda 14,5 müň tonna berk we ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmäge niýetlenendir.

Kärhana dünýä ölçeglerine laýyk gelýän pagta ýüplügini öndürmäge mümkinçilik berýän Italiýanyň öňdebaryjy “Marzoli”, “Savio”, “Loptex” kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Daşoguz pagta egriji fabriginde ýüzlerçe işçi hünärmenler zähmet çekip, bu ýerde şu ýylyň on bir aýynyň tabşyrygy 120 göterimden gowrak ýerine ýetirildi.

2022