Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň ykdysady wekiliýeti bilen Ýaponiýanyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 13-16-njy dekabry, Tokio, Ýaponiýa.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň awiasiýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Tokio şäherinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar degişli resminamalar toplumyna gol çekdiler.

Gepleşikler Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 13-16-njy dekabrynda Tokio şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýet agzalary birnäçe netijeli duşuşyklary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, şeýle-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

2022