BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki kararnama kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki kararnama kabul etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasy, Nýu-Ýork, ABŞ. (Surat: BMG)

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki sany – energetika we ulag boýunça kararnamalary biragyzdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly kararnamanyň awtordaşy bolup 38 döwlet çykyş etdi.

Kararnama ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasan-da hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygy dowam etmäge çagyrýar.

Ikinji “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” atly kararnamanyň awtordaşlary bolup bolsa döwletleriň 47-si çykyş etdi.

Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy mejlisinde eden çykyşynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi.

2022