Türkmenistan türk kompaniýalary bilen goranmak ulgamyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan türk kompaniýalary bilen goranmak ulgamyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkiýäniň “Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar (çepde) we “BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly (sagda), 26-njy dekabr, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we “BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada pikir alyşmalaryň dowamynda goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda goranmak senagatynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän bu türk kompaniýalarynyň tekliplerine garaldy we degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk işewürleriniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi.

Türkiýeli işewürler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, ýurtda gazanylýan üstünliklere buýsanýandyklaryny belläp, degişli ulgamlarda, hususan-da, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli we dünýäde uly islegden peýdalanýan önümleriniň täze, döwrebap görnüşleriniň ilkinji bolup Türkmenistana iberilmeginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we türkiýeli işewürler özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022