Şu ýylyň geçen on aýynda Russiýa Federasiýasynyň (RF) Türkmenistandan import eden harytlarynyň möçberi 21 göterim artdy diýip, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara toparynyň çäklerinde 21-22-nji dekabrda Moskwada geçirilen Söwda we maýa goýum boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisiniň barşynda mälim etdi. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow, rus tarapyna hem Dmitriý Wolwaç başlyklyk etdi.
Şeýle hem Dmitriý Wolwaç degişli döwürde iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň fiziki aňlatmadaky möçberiniň 8 göterim ýokarlanyp, jemi 535 müň tonna barabar bolandygyny, eksport möçberiniň hem 5,5 göterim artandygyny aýtdy. Türkmenistandan Russiýa azyk we oba hojalyk önümleriň iberilişi 33 göterim, himiýa senagatyň önümleriniň we kauçugyň möçberi hem 57 göterim artdy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara söwda şertlerini gowulandyrmagyň meselelerini, senagat, energetika, gurluşyk, şäher gurşawy, şeýle hem bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Ikitaraplaýyn ykdysady kuwwatlyklar ozalkylary ýaly ýokary derejede bolmagynda galýar. Nebitgaz we maliýe ulgamlary ýaly, senagat, oba hojalyk, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ugurlary ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikler bar” diýip, Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow öz gezeginde belledi.
Mejlisiň barşynda Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň häzirki wagtda rus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirilýän 36 taslama gözegçiligi amala aşyrýandygy nygtaldy.