Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 1,5 milliard ýewrodan geçdi. Bu barada “TurkicWorld” habar beriş saýty çarşenbe güni mälim etdi.
Hasabat döwründe Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň mukdary 2022-nji ýylyň ilkinji on aýy (816,85 million ýewro) bilen deňeşdirilende 84 göterim ýokarlandy.
2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar takmynan 962,4 million ýewro deň bolan türkmen harytlaryny import etdiler we bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri (323,11 million ýewro) bilen deňeşdirilende 2,9 esse ýokarlandy.
Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Türkmenistana eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary (493,74 million ýewro) bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlanyp, 543,3 million ýewro ýetdi.
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi.