Ýanwar-oktýabr 2023: Türkmenistan bilen ÝB-nyň arasyndaky söwda €1,5 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr 2023: Türkmenistan bilen ÝB-nyň arasyndaky söwda €1,5 milliarddan geçdi
Antwerpen porty, Antwerpen, Belgiýa. (Surat: Euronews)

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 1,5 milliard ýewrodan geçdi. Bu barada “TurkicWorld” habar beriş saýty çarşenbe güni mälim etdi.

Hasabat döwründe Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň mukdary 2022-nji ýylyň ilkinji on aýy (816,85 million ýewro) bilen deňeşdirilende 84 göterim ýokarlandy.

2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar takmynan 962,4 million ýewro deň bolan türkmen harytlaryny import etdiler we bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri (323,11 million ýewro) bilen deňeşdirilende 2,9 esse ýokarlandy.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Türkmenistana eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary (493,74 million ýewro) bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlanyp, 543,3 million ýewro ýetdi.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022