Ýanwar-noýabr 2023: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr 2023: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73% ýokarlandy
Baku deňiz porty, Baku, Azerbaýjan (Surat: Baku portunyň metbugat gullugy)

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim ýa-da 311,8 million ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.  

Azerbaýjanyň APA agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, geçen ýylyň 11 aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 738 million 966 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Hasabat döwründe Azerbaýjanyň Türkmenistana eksporty 4 esse ýokarlanyp, 77,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty bolsa 62,4 göterim artyp, 661,6 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Türkmenistan Azerbaýjanyň nebit däl önümleri eksport edýän ýurtlarynyň sanawynda altynjy orunda durýar.

2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 427 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022