Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça liniýalaryň gurluşygyny maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan täze ammarlaryň we goşmaça liniýalaryň gurluşygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafatyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 8-nji ýanwary, Kabul. Owganystan. (Surat: ARA)

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow duşenbe güni Kabul şäherinde Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň (ARA) başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tehniki topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ammarlaryň we goşmaça demirýol liniýalarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle-de Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demirýol aragatnaşygy we üstaşyr geçiş pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan duşuşykda “Hyrat-Turgundy” portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerine hem garaldy.

Türkmen ilçisi amaly işe başlamak üçin Owganystanyň çäginde ýer bölegini kesgitlemäge gyzyklanma bildirdi.

Owganystanyň Demirýol dolandyryşynyň başlygy öz gezeginde ýeriň meýdanyny kesgitlemek we degişli meseleleri Hyratyň häkimi bilen maslahatlaşmak üçin ýurduň Hyrat welaýatyna komitetiň ugradylandygyny aýtdy.

Uzynlygy 173 kilometr bolan “Hyrat-Turgundy” demirýoly we “Turgundy” gury porty “Lapis-Lazuli” halkara ulag hem-de üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolup durýar. “Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystana Türkiýä we günbatara çykmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022