Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we Türkmenistan bilen köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan köp sanly mümkinçilikleri hasaba almak bilen özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu forumy şu ýylyň 29 – 30-njy ýanwarynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtap, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän Hazar üsti ulag geçelgesiniň multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda täzeçil çemeleşmeleri amala aşyrmagynyň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

2022