2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi
“Aşgabat-Türkmenabat” awtomobil ýolunyň “Aşgabat-Tejen” böleginden ýük awtoulaglarynyň geçýän pursady, Türkmenistan.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylda 1 milliard 94,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 923,2 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 171,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýyldaky umumy daşary söwda dolanyşygy 62,6 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,1 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 23,9 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 970,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. 

2022