Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Ýaponiýanyň “Gransol Inc” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda ýapon kompaniýasynyň wekilleri hukuk we telekeçilik goldawyny bermek, işewürleriň özara arabaglanyşygyny guramak we Ýaponiýanyň kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürligi bilen tanyşdyrmak, olaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hödürlediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen duşuşykda Ýaponiýanyň “Gransol Inc” kompaniýasynyň wekilleri öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sişenbe güni habar berdi.
Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary bilen Ýaponiýanyň “Gransol Inc” kompaniýasynyň wekilleri öz alyp barýan işleri hakynda pikir alyşdylar.
Ýaponiýanyň “Gransol Inc” kompaniýasy müşderilerine import we eksport amallaryny, bazary ösdürmegi öz içine alýan halkara işewürlik goldawyny hödürleýär.