Türkmenistanyň ulag pudagy daşary ýurtly maýadarlara giň mümkinçilikleri hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ulag pudagy daşary ýurtly maýadarlara giň mümkinçilikleri hödürleýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň “Global Gateway” maýa goýum forumynda eden çykyşy, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Brýussel. (Surat: “Biznes Türkmenistan”)

Türkmenistanda daşary ýurt maýadarlarynyň ýerli maýadarlar bilen bir hatarda kärhanalara eýeçilik etmek we dolandyrmak we hususylaşdyrmaga hem-de döwlet söwdalaryna gatnaşmak ýaly beýleki ýeňilliklere hukuklary bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew duşenbe güni Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde öz işine başlan Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň açylyş dabarasynda aýtdy.

Batyr Annaýew Ösüşi maliýeleşdirmegiň bahalandyrylyşyna laýyklykda, umumy maliýe akymlarynyň köpüsiniň döwlet býujetiniň girdejilerinden (36,2 göterim), soňra hususy maýa goýumlaryndan (34 göterim) we bank pudagyndaky karzlardan (16,5 göterim) gelýändigini belledi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan soňky ýyllarda demir, awtoulag ýollaryny, howa we deňiz ugurlaryny öz içine alýan ulag ulgamynyň ösdürilmegine işjeň maýa goýýar.

Batyr Annaýewiň belleýşi ýaly, şeýle-de 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyna 48 milliard manatdan gowrak (ýa-da 14 milliard ABŞ dollaryna golaý) pul serişdesi bölünip berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary çykyşynda Türkmenistanyň ulag pudagynda alyp barýan işleri barada gatnaşyjylara maglumat berdi. Ýurduň sebitleriniň arasynda 5000 kilometre deň bolan demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylandygy, ýylda 25 million tonna ýük geçirmäge ukyply Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi, Jebel şäherinde ýurduň ýedinji howa menziliniň gurulmagy, sagatda jemi 3800 ýolagça hyzmat etmäge şert döredýän ýurduň howa menzilleri hem-de ýokary tizlikli Aşgabat-Tejen we Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada aýdyldy.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli dowam eder. Forumyň ikinji güni Türkmenistan üçin derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda üstaşyr geçelgäniň mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlanar.

2022