Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow (çepde) bilen we Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň (sagda) arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Ýerewan, Ermenistan.

Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow duşenbe güni Ýerewan şäherinde Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ermeni bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” haryt nyşanly türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň artýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplaryň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga taýýardygy mälim edildi.

Muhammetgeldi Aýazow we Karen Iwanow iki döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek, täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelerini, şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Karen Iwanow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. 

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow öz gezeginde türkmen tarapynyň bu sapar boýunça degişli ýardamlary berjekdigine ynandyrdy.

2022