Maýadarlar forumy: sebit ösüşine €10 milliard bölünip berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maýadarlar forumy: sebit ösüşine €10 milliard bölünip berler
Komissiýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis “Global Gateway” maýa goýum forumynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Waldis Dombrowskisiň sosial ulgamy)

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde duşenbe güni öz işine başlan Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynda halkara birleşiginiň sebit baglanyşygynyň ösdürilmegi, Merkezi Aziýada ykdysady ösüşiň we söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin 10 milliard ýewrony bölüp berjekdigi mälim edildi.

Ýewropa Komissiýasynyň habar berşi ýaly, Komissiýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis sebitiň bähbitleri üçin alternatiw aragatnaşyk ugurlaryny we ulag geçelgelerini ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Maslahatyň barşynda Waldis Dombrowskis forumyň täze söwda mümkinçiliklerini açmaga we Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşine itergi bermäge şert döretjekdigine ynam bildirdi. Çäräniň esasy maksady bolsa iki sebiti 15 günde özara baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän Hazar üsti ulag geçelgesini multimodal, bäsdeşlige ukyply, durnukly, intellektual we işjeň geçelgä öwürmekden ybaratdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň iň iri ikinji söwda hyzmatdaşydygy, bu sebite gönükdirilen göni maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 42 göteriminiň Bileleşiň ýurtlaryna degişlidigi bellenildi. ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklarda, aýratyn-da, söwda we kommunikasiýalar ulgamynda soňky wagtda gazanylan üstünlikler möhüm ähmiýetlidir.

Ýewropa Komissiýasynyň habar bermegine görä, halkara birleşiginiň, şol sanda Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, şeýle hem hususy maýadarlaryň 10 milliard ýewro bölüp bermäge borçlanmagy Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda pugta strategik hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygyna ýetmekdäki umumy tagallalary tassyklaýar.

2022