Brýusseldäki Maýadarlar forumynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brýusseldäki Maýadarlar forumynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynda soraglara jogap berýär, 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwary, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Biznes Türkmenistan)

Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumynyň çäginde Türkmenistanyň ulag pudagyna we onuň mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.

Mejlisiň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň baş direktory Merdan Bäşimow, şeýle hem Ýewropa Hoşniýetli goňşuçylyk geňeşiniň dolandyryjy direktory (ENC) Samuel Westerbaý, Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça direktoratynyň Baş direktory, “Hors Classe-niň” geňeşçisi Henrik Hololeý, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Sýuzanna Hargitaý, “Royal IHC” kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Hans Hesen we “Cargolux” ýük awiakompaniýasynyň hökümet we senagat gatnaşyklary boýunça uly dolandyryjysy Patrik Žann çykyş etdiler.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow öz çykyşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa üçin möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ýerde häzirki zaman port infrastrukturasyny emele getirmek üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň 1,5 milliard ABŞ dollar maýa goýandygyny aýtdy.

Seýitguly Baýseýidowyň aýtmagyna görä, ýurtda dürli görnüşli, şol sanda gury ýük gämileriniň we hemmetaraplaýyn paromlaryň 5-siniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary şeýle-de gyzyklanma bildirýän ähli maýadarlary gämi gurluşygynyň geljekki taslamalaryny bilelikde düzmäge çagyrdy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň logistika strategiýasy we maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, demirýol ulaglaryna maýa goýumlar, logistika we ýük daşamagy giňeltmek üçin bilelikdäki kärhanalary döretmek, demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, demir ýol düzümlerini dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem bilelikdäki ulag we logistika merkezlerini döretmek esasy ugurlar bolup durýar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň baş direktory Merdan Bäşimow Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýük terminalynyň sebitde öňdebaryjy logistika merkeze öwrülmäge ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Şeýle hem Merdan Bäşimow gyzyklanma bildirýän ähli halkara maýadarlary ýük terminalynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we ýolagçy akymyny ýokarlandyrmak, şeýle-de multimodal merkez döretmek maksady bilen Aşgabadyň Halkara howa menziliniň mundan beýläk-de ösdürilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň baş direktorynyň aýtmagyna görä, maýa goýum işleriniň çäklerinde, geljekde bilelikde ulanmak üçin gury ýük gämilerini, tankerleri we dürli görnüşli wagonlary satyn almak teklip edilýär.

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwary aralygynda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy geçirildi. Bu çäre Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazar üsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekdäki uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirildi.

2022