Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Ýewrokomissiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferranyň arasynda geçirilen duşuşyk.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde sişenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferran we Ispaniýanyň “S2 Grupo SL” kompaniýasynyň Ýewropa boýunça baş müdiri Regis Pýer Kazenawe bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça baş direktoryň orunbasary Miriam Ferran bilen geçirilen duşuşykda taraplar Ýewraziýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin dürli infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşan wekilleri habar berdiler.

Batyr Annaýew Türkmenistanyň öňe sürýän dürli taslamalaryna we geçelgelerine ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylary ýurduň ulag mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary ulag we söwda taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň wajypdygyny aýdyp, ýurduň ulag mümkinçiliklerini giňeltmekde sanly ulgamyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ispaniýanyň “S2 Grupo SL” kompaniýasynyň Ýewropa boýunça baş müdiri Regis Pýer Kazenawe bilen geçirilen duşuşykda taraplar ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak, kiber howpsuzlyk, bu ugurda milli strategiýany işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, kompaniýanyň wekili Türkmenistanda sanly ulgama geçmekde saýlanyp alan özwagtly çemeleşmäni we bu ugurda amala aşyrylýan üstünlikli ädimleri nazara alyp, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýändiklerini mälim etdi.

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwary aralygynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumy geçirildi. Bu forum Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazar üsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekdäki uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirildi.

2022