2023: Lebapda senagat önümleriniň 24,2 milliard manatlykdan gowragy öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Lebapda senagat önümleriniň 24,2 milliard manatlykdan gowragy öndürildi
Türkmenabat şäheriniň "Demirbetonkonstruksiýa" kärhanasy, Lebap welaýaty, Türkmenistan.

Lebap welaýatynda 2023-nji ýylda senagat önümleriniň 24 milliard 229,8 million manatlygy öndürildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, öndürilen senagat önümleriniň 6 milliard 572,9 million manatlygy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy.

2023-nji ýylda senagat kärhanalarynda sarp edijilere ugradylan önümleriň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 6 milliard 362 million manatlyga barabar boldy. Şonça harytlyk önümleriň 71,4 göterimi bolsa ýurduň daşyna iberildi.

Lebap welaýatynda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalarynda geçen ýylda elektrik energiýasynyň 4 milliard 415,7 million kilowat sagady öndürildi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende 12,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde geçen ýylda nah matalaryň 56,3 million manatlygy, çig ýüpegiň 108,5 tonnasy, şöhlat önümleriniň 334 tonnasy, süýji-köke önümleriniň 2,9 müň tonna golaýy öndürildi.

2022