“Wildberries” türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Wildberries” türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini öwrenýär
Müşderiler "Wildberries" onlaýn marketiniň alyş-beriş nokadyndan satyn alan harytlaryny alyp gaýdýarlar, Moskwa, Russiýa (Surat: Yandeks karta)

Russiýanyň “Wildberries” onlaýn marketi türkmen bazaryna çykmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçuk bilen bolan söhbetdeşlige salgylanyp, “RIA Nowosti” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

“RIA Nowosti” bilen geçirilen söhbetdeşlikde Tatýana Bakalçuk kompaniýanyň Täjigistanyň, BAE-niň we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryny öwrenýändigini, birnäçe döwletler bilen bolsa eýýäm gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.

“Biz ösüş depginini saklamak üçin iş alyp barýan çäklerimizi giňeltmegiň zerurdygyna düşünýäris. Bu babatda, biz ilkinji nobatda biziň bilen serhetleşýän ähli ýurtlary göz öňünde tutýarys. Häzirki wagtda GDA döwletleri, mysal üçin Täjigistan we Türkmenistan bilen iş alyp barmak mümkinçilikleri öwrenýäris” diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy belledi.

Tatýana Bakalçugyň sözlerine görä, kompaniýa häzirki wagtda Azerbaýjanda logistika hyzmatyny ýola goýmak işini synagdan geçirýär.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy geçen ýylyň maý aýynda geçirilen “Russiýa – Yslam dünýäsi” forumynda Ýakyn Gündogar döwletlerinden wekilleriň we başga-da köp sanlylaryň “Wildberries-iň” öz bazarlaryna gelmegine gyzyklanma bildirendiklerini belledi.

2004-nji ýylda esaslandyrylan “Wildberries” onlaýn marketi Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda iş alyp barýar. “Wildberries” onlaýn marketinde zenan, erkek we çaga eşikleri, aýakgaplary şeýle hem öý we sport enjamlary alyjylara hödürlenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022