Türkmen wekiliýeti IT boýunça “Cisco Live 2024” halkara forum gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti IT boýunça “Cisco Live 2024” halkara forum gatnaşýar
"Cisco Live 2024” atly iri tehniki forumynyň çäginde gecirilvqn halkara sergi, 2024-nji ýylyň 5-9-njy fewraly, Amsterdam, Gollandiýa.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekiliýeti 5-9-njy fewral aralygynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak hem-de bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Cisco Live 2024” atly iri halkara tehniki forumyna gatnaşýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu çärä gatnaşyjylara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp “Cisco” şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen bilelikde barlaghanalarda bolmak hem-de olar bilen duşuşyp, pikir alyşmak, özbaşdak tejribe barlaghanalarynda enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli işleri geçirmek ýaly mümkinçilikleri döretdi.

Şeýle hem “Cisco Live 2024” atly iri tehniki forumynyň çäginde halkara sergi guraldy. Serginiň çäginde “Cisco Systems” kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň we “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hünärmenleri hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti forumyň çäginde 5-nji fewralda “Cisco Systems” kompaniýasynyň wekilleri, şeýle-de IT pudagynyň bilermenleri we programma üpjünçiligini döredijiler bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäginde maglumat merkezi (Data Center), onuň tehnologiýalary we ätiýaçlandyrylmasy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynyň hünärmeni “Cisco” synaglara gatnaşyp, olardan üstünlikli geçmegi başardy we “Cisco Certified Specialist - Data Center Core” atly abraýly şahadatnama eýe boldy.

2022