2023: Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi, 2022-nji ýylyň 20-21-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3%-e barabar bolandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy.

Hasabata görä, 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 10,9 göterim artdy.

Wise-premýer iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim, 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 7,5 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Şeýle hem Hojamyrat Geldimyradow mejlisiň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. 

2022