Türkmen wekiliýeti Dubaýda Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Dubaýda Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
Bütindünýä hökümet sammiti (WGS 2024), 2024-nji ýylyň 12-nji fewraly, Dubaý, Birleşen Arap Emirlikleri.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) gulluk iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti duşenbe güni Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i sişenbe güni habar berdi.

Raşid Meredow “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi.

Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky on ýyllyklaryň dowamynada BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Durnukly ulag birikmesiniň global atlasyny (Global Atlas of Sustainable Transport Connectivity), Global energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini (Global Energy Security and Sustainability Cooperation Alliance) döretmegi we Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ykdysady geçiş boýunça ählumumy maksatnamany (Global Circular Economy Transition Framework) işläp düzmegi teklip etdi.

2022