Türkmen wekiliýeti “Türkmenistan–ABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti “Türkmenistan–ABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti bilen “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk, 2024-nji ýylyň 12-nji fewraly.

Türkmen wekiliýeti duşenbe güni “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, Ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşiň agzalary bolan “John Deere”, “Case New Holland”, “Boeing”, “Exxon Mobil”, “General Electric”, “Climate Compass”, “Zeppelin”, “UGT Renewable”, “Caterpillar”, “Oxbow” we “Honeywell” amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy nygtaldy hem-de bu babatda maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag, logistika we tehnologiýa ýaly ugurlara aýratyn üns berildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dowamynda Amerikanyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak barada pikir alyşdy.

Erik Stýuart häzirki wagtda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň täze ýokary sepgitlere ýetendigini, geçen ýyl Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnama goşulmagy amerikan işewürlik jemgyýetçiliginde örän oňyn seslenme döredendigini nygtap geçdi.

Gepleşikleriň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna köp ýyllyk oňyn goşandy bellenildi.

Geňeşiň we amerikan kompaniýalarynyň wekilleri yzygiderli netijeli dialogyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary baradaky tekliplere kanagatlanma bildirdiler.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň her ýylky işewürlik maslahaty 2023-nji ýylyň 5-7-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022