Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2,5 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2,5 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistan boýunça geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manat boldy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 24,6 göterim köpdügini we onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu işleriň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Mejlisiň dowamynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

2022