Gazagystanyň Parlamentiniň Mejlisiniň deputaty Bolatbek Nažmetdinuly bar bolan halkara geçelgelere goşmaça ugur hökmünde Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä we Aýlag ýurtlaryna barýan ýoly göz öňünde tutmagy teklip etdi. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Bu teklip degişli ministrlikleriň we bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangariniň ýolbaşçylygynda ýurtda harytlary daşamak bilen baglanyşykly häzirki meseleler boýunça geçirilen duşuşykda beýan edildi.
Bolatbek Nažmetdinuly munuň üçin Türkmenistan bilen wiza amallaryny ýeňilleşdirmekde döwletleriň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna harytlary ibermegiň alternatiwasy hökmünde Latwiýanyň üsti bilen täze ugry düzmek hem teklip edildi.
Duşuşykdan soň Serik Žumangarin gatnaşyjylara alternatiw halkara ýol ugurlary boýunça ähli başlangyçlary işläp düzmegi we işewür wekilleriň tekliplerini göz öňünde tutup, ösüş meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.