“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) bilen bilelikde ýük daşamagy dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny işe girizdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, täze ulgam ýük daşamagyň bahasyny onlaýn hasaplamaga, zerur bolan resminamalary taýýarlamaga we ýüküň görnüşine baglylykda wagonlaryň görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäginde wagonlaryň ýükli hereketini yzarlamak şerti hem ýola goýuldy.
Awtomatlaşdyrylan ulgamyň kömegi bilen ýük daşaýjylar resminamalary doldurmak we hasaplary almak işlerini sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilerler.
Ulgam hususy kärhanalar we döwlet tarapyndan üpjün edilýän guramalar üçin nyrhlara görä ýük daşamalarynyň çykdajylaryny tiz hasaplamaga, azyk önümlerinden gurluşyk materiallaryna çenli dürli harytlaryň ýerli, import, eksport we üstaşyr demir ýol gatnawlaryny amala aşyrmaga şert döredýär.