“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy "Türkmentel — 2023" atly XVI halkara sergisinde, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.

  • Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat: 7 müň 294 manat;
  • Aşgabat – Milan – Aşgabat: 7 müň 300 manat;
  • Aşgabat – London – Aşgabat: 7 müň 847 manat;
  • Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat: 7 müň 540,9 manat

Aşgabat – Hoşimin ugry boýunça uçuşlar 2024-nji ýylyň 5-nji martyndan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan/Malpensa ugry boýunça bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlary şu ýylyň 15-nji fewralynda Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherlerine, 16-njy fewralda bolsa Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) şäherine ilkinji ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrdy.

2022