Ýanwar 2024: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $60 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar 2024: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $60 milliona golaýlady
"Termez" ýük merkezi, Özbegistan (Surat: termezcargo.com)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 59,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 54,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 5,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 4,2 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 870,1 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 17,2 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylda 1 milliard 94,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022