Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda £66 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda £66 milliona deň boldy
Londanyň porty, Beýik Britaniýa (Surat: pla.co.uk)

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 66 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji mundan öňki hasabat döwri bilen deňeşdirilende 43,5 göterim ýa-da 20 million funt sterling köpdür.

Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 49 million funt sterlinge deň boldy we bu görkeziji 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýy aralygy bilen deňeşdirilende 13 million funt sterling ýa-da 36,1 göterim artdy.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandan importy 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 70 göterim artyp, 17 million funt sterlinge barabar boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýy aralygy bilen deňeşdirilende 7 million funt sterling ýokarydyr.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadan import eden esasy harytlarynyň toparynyň arasynda himiki serişdeler, umumy senagat tehnikasy, uçar we elektrik önümleri bardyr. Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksport eden esasy harytlarynyň arasyna bolsa organiki däl himiki maddalar, mehaniki kuwwat generatorlary, umumy senagat enjamlary we metal magdanlary girýär.

2022