2024: Türkmenistan bilen ÝHHG 37 sany taslamany amala aşyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024: Türkmenistan bilen ÝHHG 37 sany taslamany amala aşyrmagy meýilleşdirýär
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş edara binasy, Wena, Awstriýa. (Surat: ÝHHG)

Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi 2024-nji ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmagy meýilleşdirýär diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisde aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer şu ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak, bu saparyň çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesiniň, şeýle hem ynsanperwer ulgamda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022