“Demirýollary” import, eksport harytlarynyň ýükleme-düşürme hyzmatlaryny amala aşyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Demirýollary” import, eksport harytlarynyň ýükleme-düşürme hyzmatlaryny amala aşyrýar
Änew ýük howlusy, Ahal welaýaty, Türkmenistan.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary Türkmenistanda halkara ulaglar gatnawlaryndaky import, eksport hem-de üstaşyr gelýän ýükleriň ýükleme-düşürme hyzmatlaryny amala aşyrýar.

“Demirýollary” AGPJ-niň sişenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Änew ýük howlusy demirýol ulagy arkaly import edilýän ýükleri ýagny, gurluşyk harytlary bolan armatur, kafel, şpaklýowka ýaly ýükleri hem-de azyk önümleri bolan un, ösümlik ýagy ýaly ýükleriň düşürme hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýurduň eksport kuwwatyny barha artdyrmak maksady bilen Hytaý, Marokko ýurtlaryna kükürt önümini eksport edýär. “Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasynyň Sarahs ýükleýiş-düşüriş ýük howlusy bu önümiň eksport mukdaryny artdyrmak boýunça degişli işleri ýerine ýetirýär.

Sarahs ýük howlusy şu günki güne çenli takmynan 100 müň tonna golaý kükürt ýüküniň ýükleme-düşürme işlerini amala aşyryp, Eýran Yslam Respublikasynyň Bender Abbas portuna ugratdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022