TSTB Bütindünýä banky bilen türkmen bazaryna maýa goýum çekmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB Bütindünýä banky bilen türkmen bazaryna maýa goýum çekmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen bazaryna daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynda gatnaşyklary ilerletmegiň hem-de geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TSTB sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Bütindünýä bankynyň wekilleriniň Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanýan hususy taraplar bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň hususy taraplary bilen geçirilen duşuşykda özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň oba hojalygy we azygy gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda netijeli ösdürilmegine üns çekildi.

Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Bütindünýä bankynyň wekiliýeti TSTB-niň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çägindäki ýyladyşhanalaryna, bagçylyk hojalyklaryna, Mary welaýatynyň çägindäki oba hojalyk we azygy gaýtadan işleýän kärhanalaryna baryp gördüler.

2022