Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda eksport-import ýük gatnawlaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Bu barada Owganystanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem söhbetdeşler Turgundy gury ýer portunda demirýoluň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça taslamalary hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda owgan täjirlerine ýardam bermek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.
Amir Han Muttaki Owganystanyň we Türkmenistanyň arasynda strategik ýerde ýerleşýän Turgundy portunyň iki ýurduň awtoulag we demir ýol gatnawlary üpjün edýän esasy merkez bolup durýandygyny belledi.
Mämmethan Çakyýew öz gezeginde, ýakyn wagtda iki ýurduň demirýol edaralarynyň arasynda ylalaşygyň baglaşyljakdygyny mälim etdi. Şondan soň, türkmen tarapy Turgundy portundaky demirýol stansiýasynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge girişer.
Şu ýylyň 3–5-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçiriler.