“Balkan” gämi gurluşyk “Weichai” kompaniýasyndan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkan” gämi gurluşyk “Weichai” kompaniýasyndan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almakçy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen “Weichai Holding Co.Ltd” kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “S.Nyýazow” gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar “S.Nyýazow” gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan baş hereketlendirijisiniň we dizel-generatorlarynyň tehniki häsiýetnamasy we çyzgylary baradaky maglumatlary öz aralarynda paýlaşdylar. Zawodyň wekilleri gämi üçin satyn alynjak enjamlaryň halkara klassifikasion jemgyýetleriň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda “Weichai Holding Co.Ltd” kompaniýasy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan berilen teklipleriň serediljekdigini aýtdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdiler.

Hytaýyň “Weichai Holding Co.Ltd” kompaniýasy 1946-njy ýylda esaslandyrylyp, ol awtoulaglar, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalar, deňiz gämileri şeýle hem, awtobuslar, ýük we ýeňil awtoulaglar, ýükleýji tehnikalar, ammar ulgamlar, lýuks ýahtalar, energetika üçin enjamlar, gidrawliki nasoslar we ýangyç öýjükler üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň taslamasyny düzmekde we gurup bermekde dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

2022