Aşgabatda “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesine gatnaşyjy döwletleriň duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesine gatnaşyjy döwletleriň duşuşygy geçiriler
Ýük awtoulaglary “Lapis Lazuli” ulag geçelgesinden geçip barýan pursady

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda şu ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwletiň (Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe) wekilleriniň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň gün tertibini ylalaşmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe 2017-nji ýylda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek barada şertnama baglaşdy. 2018-nji ýylda açylan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän halkara üstaşyr ugurydyr. 

“Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystanyň Hyrat sebitinden Aşgabadyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Hazar deňzi arkaly Baku portuna, ondan aňry Tbilisiden Poti we Batumi portlaryna, Ankaradan hem Stambula uzaýar.

2022