Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygy, 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni bilen gutlady.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Siziň uly goşandyňyz hem-de aýratyn ünsüňiz üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

2022