Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygy, 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Antalýa şäherine iş saparynyň çäklerinde anna güni “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen geçirilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalaryň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

“Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen geçirilen duşuşyk:

Duşuşygyň barşynda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp wagtyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny nygtap, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Nest” kongresler merkezinde geçirilýän üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.

2022