Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 1-nji marty, Antalýa, Türkiýe. (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynda türk Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen elektrik energiýasyny Türkiýä eksport etmek, şeýle hem dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Şeýle-de duşuşykda ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä saparynyň dowamynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi we çykyşynyň ahyrynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli sowala jogap berip, energiýa serişdelerini eksport etmegiň hukuk meselesine degip geçdi we 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna haçan doly hukukly agzasy boljakdygy barada berlen sowala jogap berip, şu ýyl Magtymguly Pyraga bagyşlanyp sammit geçiriljekdigini we şol sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagynyň mümkindigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýä saparynyň dowamynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi.

2022