TULM we “AD Ports Group” täze maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TULM we “AD Ports Group” täze maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň ulag pudagynyň wekilleri “AD Ports Group” kompaniýasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar, 2024-nji ýylyň 6-njy marty, Abu-Dabi, BAE. (Surat: TULM)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň (TULM) Baş direktory Merdan Bäşimow Abu-Dabi portuna iş sapary bilen bardylar we onuň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “AD Ports Group” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Taraplar täze maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň çarşenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda ulag-logistika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak we port infrastrukturasyny ösdürmek meselelerine hem garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar portlary dolandyrmakda we sanlylaşdyrmakda BAE-niň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna hem-de deňiz ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Hususan-da, taraplar iki ýurduň ulag kuwwatlyklarynyň özüne çekijiligi we ony has-da ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Ozal “Abu Dhabi Ports Company” ady bilen tanalýan “AD Ports Group” Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiniň infrastrukturasy bilen baglanyşykly portlaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýjy we dolandyryjydyr. Kompaniýa BAE-de onlarça portlara we terminallara eýelik edýär we dolandyrýar. Bu desgalaryň her biri deňiz, howa, awtomobil we demirýol gatnawlaryny hasaba almak bilen strategik taýdan amatly ýerleşendir. “AD Ports Group” häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan dünýä derejesindäki infrastruktura eýelik edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022