“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Milana ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Milana ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy
Aşgabat-Milan ugry boýunça ilkinji uçuş mynasybetli geçirilen dabara, 2024-nji ýylyň 6-njy marty, Malpensa howa menzili, Milan, Italiýa. (Surat: Lombardi howa menzilleriniň metbugat gullugy)

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “ B737-800” kysymly uçary çarşenbe güni Italiýanyň Milan şäherinde ýerleşýän Malpensa howa menziline ilkinji ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada ýurduň Lombardi howa menzilleriniň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat-Milan ugry boýunça ilkinji uçuş mynasybetli dabara Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow we “Türkmenhowaýollary” agentlik kompaniýasynyň wekili Süleýman Durdyýew gatnaşdy.

Aşgabat-Milan/Malpensa-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “777-200 LR” kysymly uçary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji göni ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022