“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona uçuşlaryny Hitroudan Gatwik howa menziline geçirýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy uçary (Surat: JetPhotos)

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Londonyň Hitrou howa menziline amala aşyrylýan uçuşlary Londonyň Gatwik howa menziline geçirmek meýilnamasyny yglan etdi.

“AeroRoutes” portalynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Boeing 777-200LR” kysymly uçar 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.

T5423 belgili uçuş Aşgabatdan 12:00-da ugrap Londonyň Gatwik howa menziline sagat 15:10-a barar we ertesi T5424 belgili yzyna uçuş Londondan 16:55-de uçup, Aşgabat Halkara howa menziline sagat 3:00 geler.

Gatwik howa menzili (Gatwick Airport) meýdany boýunça Londonyň iň uly ikinji howa menzili, işi agdyklygy boýunça bolsa Beýik Britaniýada Hitrou howa menzilinden soň ikinji bolup durýar. Bu howa menzili Günbatar Sasseksiň Krawli şäherinde, Londonyň merkezinden takmynan 46 kilometr günortada ýerleşýär. Ol takmynan iki ýüz ugura hyzmat edýär we her ýyl millionlarça ýolagçy tarapyndan ulanylýar. Gatwik howa menzili “British Airways”, “EasyJet” we “Virgin Atlantic” ýaly birnäçe iri awiakompaniýalaryň esasy howa menzili bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022