Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşyjylary garşy alýar, 2024-nji ýylyň 11-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde duşenbe güni Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görmäge şatdygyny aýdyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli we halkara derejedäki çäreleriň giň toplumyny hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekow, Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýew, Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilk çykyş etdiler.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň “Hormatly aksakgaly” diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasyny döretmegi, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazeti ýa-da žurnaly neşir etmegi we onuň internet sahypasyny açmagy teklip etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, bu gurama agza döwletleriň gatnaşyklarynyň has-da täze derejä çykmagyna, halklarynyň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjek şol resminamany kabul etmek teklibini beýan etdi.

Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda duşenbe güni agzaçar sadakasy berildi.

2022