Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyk, 15-nji sentýabr, 2022-nji ýyl, Samarkant, Özbegistan (Surat: “Kremlin.ru”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

“Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýanyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. 

TASS agentliginiň Russiýanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanyp berýän habaryna görä, Russiýanyň Prezident saýlawlary şu ýylyň 15-17-nji marty aralygynda geçirildi we Russiýanyň häzirki Prezidenti Wladimir Putin saýlawçylaryň 87,28 göteriminiň ses bermegi bilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

2022